Türkmenistanyň çetki obalaryna gaz ulgamlary çekilýär

«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurnama brigadalary ýurduň iň çetki ilatly nokatlaryny «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça ýüzlerçe kilometr turba geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynda Babadaýhan etrabynyň iň çetki obasyny «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek 27 kilometrlik gaz geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar. Eýýäm 24 kilometr çekildi. Garagumda ýerleşen Ak bugdaý etrabynyň Garyja obasyna we Gökdepe etrabynyň Ýandakly obasyna eltýän gaz magistrallarynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Paýlaýjy enjamlar oturdylandan soňra, tebigy gaz oba ilatynyň öýlerine ýetiriler.

Mundan başga-da, gurluşykçylar gum içinden demirgazyk ugurda Ak bugdaý etrabynyň Ýerbent obasyna 45 kilometrden gowrak uzynlykda turba geçirdiler. Şeýle hem gaz magistrallaryndan çetde ýerleşen ilatly şäherçeleri tebigy gaz bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. «Mawy ýangyç» Gökdepe etrabynyň Sowma obasyna, Ak bugdaý etrabynyň Gyzylgez we Ginow obalaryna ýetiriler.

Häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi on müňlerçe kilometrlik gaz geçirijilerine we 900 müňden gowrak tebigy gaz sarp edijilerine hyzmat edýär. Özgertmeler boýunça milli maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň territoriýasynyň 97 göterimden gowragy gaz bilen üpjün edildi.

Meňzeş täzelikler

2014