ÝET-niň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen üç aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Gün tertibiniň esasy meselelerine geçmezden ozal, wise-premýer Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekiline söz berdi. Ol ýurduň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan nebitgaz toplumynyň ähli kärhanalarynda geçirilen barlag işleriniň netijeleri boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, habar berlişi ýaly, toplumyň kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýene-de parahorluk we korrupsiýa ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Meredow çuňňur närazylyk bildirip, ähli ýolbaşçylara parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek, onuň öňüni almak we düýbünden ýok etmek boýunça çäreleriň toplumyny geçirmekligi tabşyrdy.

Soňra degişli ýolbaşçylar we hünärmenler ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabatlarda şeýle hem «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň» ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da habar berildi. Hususan-da, ne­bi­ti we gaz kon­den­sa­tyny çy­kar­mak, ýan­gyç çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, ben­zin, di­zel ýan­gy­jy­ny, po­lip­ro­pi­le­ni, çal­gy ýag­la­ry­ny we beý­le­ki ne­bit önüm­le­ri­ni, su­wuk­lan­dy­ry­lan, te­bi­gy we ugur­daş ga­zy ön­dür­mek, «ma­wy ýan­gy­jy» da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Degişli ýolbaşçylar Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­diler. Onuň gur­lu­şy­gy bel­le­ni­len möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Hasabatlary diňläp, wise-premýer täze nebit we gaz känlerini gözlemek boýunça geçirilýän barlag-gözleg işlerine närazylyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, M.Meredow ýurtda nebitiň çykarylyşynyň we ony gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem wise-premýer ammiak, karbamid, tehniki uglerod önümçiligini ýola goýmak üçin tebigy gazy gaýtadan işlemekligi mundan beýläk hem ösdürmegiň we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça hem-de Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014