Hytaýyň ýerasty ammarlary türkmen gazy bilen doldurylyp başlandy

Geçen hepdede Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäheriniň gaz ammarlary Türkmenistandan getirilýän «mawy ýangyjyň» ilkinji tapgyrlary bilen doldurylyp başlandy, diýip Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi Reýter agentligine salgylanyp habar berýär. ýakyn ýarym ýylda PetroChina ägirt uly energetika kompaniýasy dag gerişleriniň 3000 metre çenli çuňlukda ýerleşen rezerwuarlaryna Mýanmadan alynýan gazy hem goşar.

Bu çäreleri görmek bilen Hytaýyň hökümeti ekologiýa taýdan arassa tebigy gaza geçmekde we kömürden doly el çekmekde gyş möwsüminde sarp edilişde ýetmezçilikleriň öňüni almagy maksat edinýär.

Ýene-de bir maksat, ulanmaga ýaramsyz gaz guýularyny gaz ammarlaryna öwrüp, import edilýän gazdan dolduryp, olara «ikinji ömür» bermekdir. Çünki bar bolan kuwwatlyklar umumy gaz sarp edilişinden diňe 5 göterimini üpjün edip bilýär.

«Nuldan» başlap ýerasty gaz ammar infrastrukturalarynyň gurulmagy — bu känleri işläp taýýarlamak bilen barabar bolan kärhanadyr. Ýagny adam we wagt serişdeleri babatda alanyňda kyn hem-de degişlilikde gymmat işdir. Şonuň üçin hem PetroChina-nyň hünärmenleri bu ýagdaýdan amatly çykalgany tükedilen nebit ýataklaryndaky guýulary utilizirlemekde görýärler.

Elbetde, bu hili nokatlarda ammarlary gurnamak hem ýeterlik tagallalary we wagty talap edýär. iki ýylyň dowamynda guýyny nebitgaz we suw galyndylaryna barlag edýärler, soňra ýene-de üç ýyl taslama we gurluşyk işlerine sarp edilýär.

Ýakyn 5-8 ýylda kompaniýa bu işler üçin 10 mlrd amerikan dollaryny maýa goýmaklygy meýilleşdirýär, ahyrynda bolsa ýerasty gaz ätiýaçlyklarynyň möçberini iki esse artdyrmak isleýär. Häzirki wagtda HHR-de 200 mln adamy gaz bilen üpjün edýän 25 sany ýerasty gaz ammarlary hereket edýär. rezerwuarlaryň umumy göwrümi 11,7 mlrd kub metre barabardyr. 2020-nji ýylda Hytaýyň hökümeti bu görkezijini 14,8 mlrd kub metre, 2035-nji ýyla çenli bolsa 35 mlrd kub metr ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014