Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $71,88, «WTI» - $66,85

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Moskwa wagty bilen 7:56-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1 göterim aşaklap, 71,88 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,8 göterim pese düşüp, 66,85 amerikan dollaryna barabar boldy.

13-nji aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim ýokarlanyp, 72,58 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,5 göterim ýokarlanyp, 67,39 amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014