BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki kararnamany kabul etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň nobatdaky ýeňşidir — DIM

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan ägirt uly işlerini oňlady we goldady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly asylly ýörelgeleriň düýbüni tutdy. Awtoulagsyz günüň yglan edilmegi jemgyýetimizde ekologiýa jogapkärçiligine çagyryş bolup durýar. Köpçülikleýin ýowarlar ýurdumyzyň her bir raýatyna mähriban topragymyzyň gülläp ösýän ülkä öwrülmegine mynasyp goşant goşmagyna mümkinçilik berýär, diýip DIM belleýär.

Döwlet Baştutanynyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm serişdesine bolan aýratyn gatnaşygy Türkmenistanyň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleriň terbiýelenmegini esasy ugur edinýän durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýär.

«Bütindünýä welosiped gününiň» yzysüre beýleki bir Kararnama — “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnama kabul edildi. Ol ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işiň doly derejeli halkara guralyny döretmäge degişlidir.

DIM-niň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistan AHHG-de başlyklyk edýän döwründe AHHG-niň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde onuň ähmiýetini artdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýär.

BMG-niň täze Kararnamalarynyň kabul edilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy diplomatiýasynyň nobatdaky uly üstünligidir we milli Liderimiziň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekdäki, tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy netijeli hem-de döredijilikli ösdürmekdäki hyzmatlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.

Meňzeş täzelikler

2014