Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,97, «WTI» - $66,86

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da çig malyň ätiýaçlyklarynyň peselendigi baradaky Amerikanyň nebit institutynyň (API) maglumatlary netijesinde 18-nji aprelde irden dünýä boýunça nebitiň bahalary ýokarlanýar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär.

2018-nji ýylyň 18-nji aprelde Moskwa wagty bilen 7:44-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,54 göterim ýokarlanyp, 71,97 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,51 göterim gymmatlap, 66,86 amerikan dollaryna barabar boldy.

API-niň maglumatlaryna görä, 13-nji aprelde tamamlanan hepdede ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 1,05 mln barrel azalyp – 427,55 mln barrele ýetdi. Ýurduň iň uly terminaly bolan Kuşingde (Cushing) çig mal ätiýaçlyklary 1,02 mln barrel pese düşdi. Benzin ätiýaçlyklary 2,5 mln barrel, distilýatlar – 854 müň barrel azaldy.

Çarşenbe güni giçlik ýurduň Energetika ministrligi öz hasabatyny neşir eder. analitikleriň çaklamagyna görä, statistika laýyklykda ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary geçen hepdede 1,4 mln barrel ýa-da 0,33 göterim azalyp, 427,2 mln barrele ýetendir.

Nebit bazary dünýä derejesinde global howplaryň netijesinde hem ibermelerde bökdençlikleriň ýüze çykmagyndan hem howatyrlanmagyny dowam edýär. Olaryň biri hem Wenesuelada çykarylyşyň peselmegidir. OPEC-iň apreldäki hasabatynda görkezilişi çaly, wenesuelada nebitiň çykarylyşy aşaklaýar. Ol köp ýyllyk iň aşak çägini täzeleýär. Martda günde 55,3 müň barrel – 1,488 mln barrel.

 

Meňzeş täzelikler

2014