YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär – DIM-iň ýolbaşçysy

YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan global ykdysady ösüşiň maksatlarynyň kesgitleýjisi hökmünde çykyş edýän ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy görýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşinde aýtdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu forumda türkmen wekiliýetine R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

— Bar bolan anyk üstünlikleri ulanyp bu ýagdaýa wagtynda we işjeň girişmek, täze ulag üstaşyr geçelgeleri, energiýa ýollaryny döretmekde özüne doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmek-biziň pikirimizçe, görünýän geljek üçin biziň umumy wajyp maksatlarymyz şunuň ýaly bolmaly diýip, ministr belläp geçdi.

Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaralarynyň alyp barýan işini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar «YHG-nyň geljegi 2025» atly resminamasynda kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilişinde öňe gidişlik we baha bermek, Owganystana ýardam bermek boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň täze meýilnamasyny kabul etmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-hem Guramanyň administratiw we maliýe meselelerine seredildi.

Şeýle hem 17-nji aprelinde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň ratifikasiýa edilendigi baradaky hatlaryny alyşmak boýunça Teswirnama gol çekdiler. 

Şol günüň özünde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň Owganystanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary boldy, olaryň çäklerinde Türkmenistan bilen agzalan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-hem, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi.

2018-nji ýylyň 3-nji maýynda «Awazada» YHG gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň 9-njy mejlisi geçiriler. Pudak ýolbaşçylary sebitiň ykdysady integrasiýasyny ýokarlandyrmaga we söwdanyň möçberlerini ýokarlandyrmaga, şol sanda 2-nji maýda işe girizilmegi meýilleşdirilen Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz menziliniň mümkinçiliklerini nazara alanyňda, möçberleri artdyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça milli maksatnamasy sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen galydyr. Bu ugurda Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri infrastruktura taslamalaryny öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda — Gazagystan — Türkmenistan – Eýran, Atamyrat – Ymamnazar - Akina demir ýolunyň gurulmagy, Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, YHG-nyň çäklerinde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam eder. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda YHG-nyň Baş sekretary Halil Ibragim Akka Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutmak, Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga bermek dabaralaryna gatnaşdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014