Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkon bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, ýurdy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ylma esaslanýan okgunly tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär.

Şunda Newanyň boýundaky şäheriň işewür düzümleriniň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge islegi bellenildi. Bu ýerde eýýäm «Silowyýe maşiny» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Wozroždeniýe» kompaniýalar topary ýaly peterburgly işewür toparlary özlerini gowy tarapdan tanatdylar.

Wekiliýetiň düzüminde awtomobil ýollaryny, ýeňil we derman senagaty kärhanalaryny, raýat we senagat desgalaryny gurmak, şeýle hem gazulag infrastrukturalaryny gurmak, energetika enjamlaryny getirmek we abatlamak boýunça kompaniýalaryň, söwda ulgamlarynyň, banklaryň ýolbaşçylary geldiler.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, energetikany, senagaty, gurluşygy we beýlekileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat şertler bar.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek möhüm bolup durýar. 2009-njy ýyldan bäri Aşgabadyň hem-de Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlarynyň hereket edýändigi bellärliklidir. Onuň açylmagy ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge kömek etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman dürli ugurlarda işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň özara uzak möhletleýin bähbitlere, şol sanda döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler. Munuň şeýledigine gol çekilmegi meýilleşdirilen degişli resminama —– ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasy aýdyň şaýatlyk edip, onuň amala aşyrylmagy biziň ýurdumyz bilen RF-niň demirgazyk paýtagtynyň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berer.

Sankt-Peterburgyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy, olaryň gün tertibi özara bähbitli möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini öz içine alýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014