TANAP-yň kuwwatlylygynyň artdyrylmagy goşmaça kompressor beketleriniň gurluşygyny talap eder

Trans-Anatoliý gaz geçirijisiniň (TANAP) kuwwatlylygynyň ýylda 31 mlrd kub metre çenli artdyrylmagy bäş sany goşmaça kompressor beketleriniň gurulmagyny talap eder. bu barada konsorsiumyň baş direktory Saltuk Dýuzýol beýan etdi.

«TANAP gaz geçirijisi her ýylda 16 mlrd kub metr gazy ibermeklik göz öňünde tutulyp gurulýar. Onuň kuwwatlylygynyň ýylda 31 mlrd kub metr çenli artdyrylmagy üçin degişli maýa goýum çözgütleriniň kabul edilmegi we jemi sanyny ýedä ýetirmek üçin goşmaça bäş sany kompressor beketleriniň gurulmagy zerur bolar» - diýip Dýuzýol aýtdy.

Ol 2023-nji ýylda turba geçirijiniň kuwwatlylygynyň ýylda 24 mlrd kub metre çenli, 2026-njy ýylda – 31 mlrd kub metr çenli artdyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

«TANAP gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çäklerinde dört sany gaz ölçeýji beket we iki sany kompressor bekedi guruldy. Bu işleri Tekfen kompaniýasy 450 mln dollarlyk şertnama laýyklykda alyp barýar. şol bir wagtda biz iki sany beket üçin 80 mln dollar töledik» diýip onuň aýdanlaryny Interfaks-Azerbaýjan getirýär.

Habar berlişi ýaly, Trans-Anatoliý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça işler 93 göterim ýerine ýetirildi. Gaz bu ulgama 2018-nji ýylyň 30-njy iýunynda berlip başlanar we eýýäm iýul aýynda TANAP boýunça Şah-Deňiz käninden Türkiýä harytlyk gaz ibermeleri başlanar.

Uzynlygy 1,85 müň km barabar bolan TANAP gaz geçirijisi «Tapgyr-2-niň» çäklerinde Şah-Deňiz azerbaýjan gaz käninden gruzin-türk serhedinden Türkiýäniň günbatar serhetlerine gaz ibermekligi göz öňünde tutýar.

TANAP gaz geçirijisiniň düýbi 2015-nji ýylyň 17-nji martynda Türkiýäniň Kars welaýatynda tutuldy. Gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwatlylygy azyndan 16 mlrd kub metre barabar bolar. Şondan 10 mlrd kub metri Ýewropa, 6 mlrd kub  metri Türkiýäniň günbatar sebitlerine iberiler. Taslamanyň bahasy 7,99 mlrd dollar möçberinde bahalandyrylýar. Häzirki wagta çenli ony durmuşa geçirmek boýunça çykdajylar 5,6 mlrd dollardan geçdi.

TANAP taslamasynyň paýdarlary — SOCAR (51%), SOCAR Turkiye Enerji (7%), BOTAS (30%), BP (12%).

TANAP gaz geçirijisi Günorta-Kawkaz we Transadriatik (TAP) turbageçirijiler bilen birlikde «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň esasy düzüm bölegidir. Bu taslama Hazar sebitinden Ýewropa gaz ibermekligi göz öňünde tutýar.

2018-nji ýylyň ýanwarynda TANAP konsorsiumynyň ýolbaşçysy Saltuk Dýuzýolyň belläp geçişi ýaly, wagtyň geçmegi bilen Merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Gündogar Ortaýer sebitlerinden beýleki döwletler hem bu ugur boýunça bazara çykmaga mümkinçilik alyp bilerler.

Şu ýylyň fewralynda Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow «Günorta gaz geçelgesi» boýunça türkmen gazy Ýewropa ibermek barada gepleşikler dogrusynda aýtmak bilen, Türkmenistanyň bu taslama goşulmak mümkinçiliginiň ýeterlik derejede ýokarydygyny belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014