Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $74,10, «WTI» - $68,38

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Moskwa wagty bilen 7:42-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,05 göterim gymmatlap, 74,10 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,03 göterim pese düşüp, 68,38 amerikan dollaryna barabar boldy.

20-nji aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,4 göterim ýokarlanyp, 74,06 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,1 göterim ýokarlanyp, 68,38 amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014