Özbegistan TOPH taslamasyny maliýeleşdirmeklige gatnaşar

Özbegistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan taslamasyny durmuşa geçirmeklige maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Banklar assosiasiýasynyň baş direktory Bahtiýer Hamidow aýtdy, diýip Ria Nowosti belleýär.

Şeýle hem Hamidowyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlardaky beýleki taslamalary hem bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Habar berlişi ýaly, 23-24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Özbegistana bardy. Saparyň dowamynda özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Şonda Özbegistanyň Prezidenti öz ýurdunyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagy meýilleşdirýändigini belledi.

— Biz Özbegistanyň hem bu taslama gatnaşjakdygy barada ylalaşdyr. Biz türkmen dostlarymyz bilen bilelikde garaýyşlarymyzyň birleşýän ugurlaryny ösdürip, bu ägirt uly taslama gatnaşarys – diýip Ş.Mirziýoýew belledi.

Özbegistanyň Baştutany şeýle hem bu ýurduň wekiliýetiniň Daşkentdäki duşuşykdan soň Aşgabada barmaklaryny we haýsy ugurlarda, çäklerde taslama gatnaşyp boljakdygyny maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Ýatlap geçsek, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. 2018-nji ýylyň fewralynda bolsa onuň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr. TOPH taslamasy Türkmenistana gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Owganystana, Pakistana we Hindistana bolsa ýangyç zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

«Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijini gurmak we ulanmak boýunça «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň lideri bolup durýar. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň "Inter State Gas Systems (Private) Limited" kompaniýasy we hindi "GAIL" kompaniýasy girýär.

Meňzeş täzelikler

2014