Bank of America-nyň bilermenleri nebitiň bahalarynyň 100 dollara ýetmegini çaklaýarlar

Eger-de eksport ediji ýurtlar bolan Wenesuela bilen Eýrandaky ýagdaý dünýä bazarlaryna nebit çykarylyşyna ýaramaz täsir etseler, onda nebitiň bahalary geljek ýylda 100 dollara çenli barar. Bu barada Bloomberg habarlar agentligi Bank of America Corp. analitikleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.

Olaryň bahalandyrmalaryna görä, penşenbe güni 77 dollar töweregi bolan nyrh geljek ýylyň ikinji çärýeginde 90 dollara ýetip biler. OPEC-e agza döwletleriň garaýyşlaryna we Eýran babatda amerikan çäklendirmeleriniň netijelerine baglylykda bahalar has hem ýokarlanyp biler. «Geljek 18 aý üçin ýagdaýy bahalandyrmak bilen, biz nebit bazarynda isleg bilen teklibiň arasyndaky deňagramlylygyň üýtgemegine garaşýarys» - diýlip bilermenleriň bahalandyrmasynda bellenilýär.

Bloomberg agentliginiň belleýşi ýaly, Bank of America-nyň bilermenleri nebitiň bahasynyň 100 dollardan geçýän wagty onuň 2014-nji ýylyň derejesine dolanyp geljekdigini aýdan iri amerikan banklarynyň içinde ilkinjidir.

Goldman Sachs Group Inc-iň bilermenleri «Brent» söwda belgili nebitiň bahasynyň ýakyn aýlarda 82,50 dollara ýetjekdigini, 2019-njy ýylda bolsa ýene-de aşaklajakdygyny belleýärler

 

Meňzeş täzelikler

2014