Eýran Hazardaky känleri özleşdirmekde goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip biler – Ruhani

Eýran we Azerbaýjan bilelikde Hazar deňzindäki nebit känlerini özleşdirmeklige taýýarlyk görýär. Bu hili hyzmatdaşlyk taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Tähranda Iran Oil Show 2018 23-nji sergide eden çykyşynda belledi diýip, Trend habar berýär.

Ruhani şeýle hem Eýranyň bu ugurda goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belledi.

«Biz köp babatda goňşularymyz bilen bilelikde serişdelere eýelik edýäris. Bu känleri özleşdirmeklige maýa goýumlary artdyrmak örän möhümdir» - diýip Ruhani aýtdy.

Öňräk Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hosseýn Zamaniniýa Trende Baku bilen  Tähranyň bilelikde nebit kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ministriň orunbasarynyň belleýşi ýaly, kompaniýa «Hazar deňziniň degişli bloklaryny bilelikde işläp taýýarlamakda Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň we Eýranyň nebit ministrliginiň özara düşünişmek hakynda Ähtnamasynyň» çäklerinde dörediler. Resminama 2018-nji ýylyň 28-nji martynda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Azerbaýjana saparynyň dowamynda gol çekildi.

Trendiň öň habar berşi ýaly, Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky nebit ylalaşygy Hazar deňzinde iki sany blogy işläp taýýarlamaklygy göz öünde tutýar. Gürrüňi edilýän bloklardan, hususan-da, «Araz-Alow-Şarg» agzalýar. Onuň işlenip taýýarlanmaklygy Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda Hazaryň derejesi baradaky Konwensiýa kabul edilýänçä doňduryldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014