Türkmenistan ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan ÝB-niň Merkezi Aziýa sebiti boýunça umumy syýasatynda möhüm orun eýeleýär we Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa strategiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ÝB-niň Aşgabatdaky kontakt býurosynyň ýolbaşçysy Lýubimor Frebort Ýewropa güni mynasybetli gutlag çykyşynda belledi.

Köpugurly türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyna baha bermek bilen ÝB-niň resmi wekili ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýany işläp düzmekde ýurda aýratyn ähmiýet beriljekdigini aýtdy. Aşgabatda bilen Brýusseliň aragatnaşygy dürli ugurlar boýunça — syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Frebortyň habar berşi ýaly, ýakyn hepdede Aşgabatda syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda her ýylda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleri geçirmeklik meýilleşdirilýär. Bu gural sebit bilen ÝB-niň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň möhüm bölekleriniň biridir.

Frebortyň şeýle hem belleýşi ýaly, ykdysady ugurda ÝB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy söwda, energetika we ulag ulgamlarynda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň üçlügine girýär. Özara haryt dolanyşygy 1,6 mlrd ýewro barabardyr.

Özara gatnaşyklaryň energetika ugry babatda aýdylanda, diplomat ÝB-niň energetika howpsuzlygy strategiýasynda Türkmenistana aýratyn orun berilýändigini, iki tarapyň hem türkmen uglewodorod serişdelerini ýewropa bazarlaryna çykarmaklyga gönükdirilen Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige tagallalaryny belledi.

«Ýakynda işe girizilen Türkmenbaşy deňiz porty, gürrüňsiz, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirmekde möhüm halka öwrüler» diýip, Frebort nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014