Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa awgustda gol çekilip bilner

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa 2018-nji ýylyň awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Astanada geçiriljek sammitinde gol çekilip bilner, diýip RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysynyň orunbasary Grigoriý Karasin belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Bilermenleriň derejesinde örän içgin işler alnyp barylýar. Biz awgusta meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň netijeli tamamlanmagyny we onuň jemleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy boýunça Konwensiýa gol çekilmegini isleýäris» - diýip G.Karasin Bakuda aýtdy.

Onuň bellemegine görä, bu resminama gol çekilmegi «sebitde durnuklylyga ýardam eder».

Meňzeş täzelikler

2014