Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine, şeýle hem tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna tikin pamygyny, agardylan pagta süýümini, reňksiz aýnany, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 110 million 510 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2 million 172 müň manatlykdan gowrak möçberde arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlginiň kärhanalarynda öndürilen önümleri satyn aldylar.

 

 

Meňzeş täzelikler

2014