Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $76,70, «WTI» - $70,46

2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Moskwa wagty bilen 7:40-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,5 göterim aşaklap, 76,70 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,3 göterim arzanlap, 70,46 amerikan dollaryna barabar boldy.

11-nji maýda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,5 göterim pese düşüp, 77,12 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1 göterim aşaklap, 70,70 amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014