Ýakyn wagtda Pakistanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanar

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň 819-njy pakistan sepleşmesinde ilkinji seplemeleri kebşirlemek işi ýakyn aýlarda başlanyp biler. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada öňdebaryjy pakistan gazeti Dawn taslama gatnaşyjy «Inter State Gas Systems» (ISGS) kompaniýasynyň ýokary wezipeli hünärmenlerine salgylanyp habar berýär.

ISGS-iň çeşmesiniň aýtmagyna görä, Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň iýunynda – iýulynyň ortalarynda başlanar. Taslama gatnaşýan potratçylar we hünärmenler Belujistan welaýatynyň Çaman we Kwette ýerlerinde taýýar edildi.

ISGS-de pakistan tarapynyň geotehniki hasabatyny, radar we topografik surata düşürmekligi tamamlandygyny tassyklanyldy. Maliýe meseleleri hem kadalaşdyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan magistral gaz geçirijisiniň öz böleginiň gurluşygyny tamamlap gelýär. Owganystanda taslamany durmuşa geçirmeklik fewral aýynyň ahyrynda badalga aly we häzirki wagtda iki sany kompressor beketlerini gurmaklyk dowam edýär. Hindistanda hem dürli görnüşli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Meňzeş täzelikler

2014