Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $78,29, «WTI» - $70,98

2018-nji ýylyň 15-nji maýynda Moskwa wagty bilen 7:58-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 6 sent ýokarlanyp, 78,29 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2 sent gymmatlap, 70,98 amerikan dollaryna barabar boldy.

14-nji maýda söwdanyň başynda pese düşen nebit bahalary OPEC-iň aýlyk hasabatynda nebit bazaryny goldamaga taýýardygy hakynda beýan edeninden soňra gündiz bahalar ýokarlanmaga başlady, diýip Finmarket habar berýär.

«Gara altynyň» bahasy duşenbe güni 2014-nji ýylyň noýabryndan bäri iň ýokary görkezijisini täzeledi.

14-njy maýda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,44 göterim gymmatlap, 78,23 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,37 göterim gymmatlap, 70,96 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014