ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň artýandygy baradaky habardan soň onuň bahalary arzanlaýar

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da bu çig malyň ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda artandygy baradaky habaryndan soň nebitiň bahalary çarşenbe güni irden aşaklaýar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,31 göterim pese düşüp, 78,19 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,28 göterim aşaklap, 71,11 amerikan dollaryna barabar boldy.

API-niň maglumatlaryna görä, 11-nji maýda tamamlanan iş hepdesinde ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 4,854 mln barrel artdy. Şol bir wagtda analitikler bu görkezijiniň 763 müň barrel aşaklamagyna garaşýardylar. Geçen hepdede bu görkeziji 1,85 mln barrel pese düşüpdi.

Meňzeş täzelikler

2014