Türkmenistanyň Prezidenti iri taslamalaryň, şol sanda gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Şol sanda döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde hem-de netijeli peýdalanmak şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

Prezidentiň gazhimiýa toplumyny ösdürmek boýunça öňe süren meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň köpugurly esasda ösdürilmegini, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirer.

Döwlet Baştutany bu gezekki iş saparynyň dowamynda dikuçardan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny synlady.

Häzirki zaman enjamlary we dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu kärhana her ýylda “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de EURO — 5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A — 92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Kärhana gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin, ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürer. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna ýakyndyr. Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 1,5 müňe golaý iş orunlary dörär.

Häzirki döwürde desgadaky işler ýokary depginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Kärhanany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, tehniki ulgamlary oturtmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmek üçin, taslama laýyklykda, awtomobil we demir ýollary çekiler. Taýýar önümler demir ýollaryň, soňra ýakynda ulanmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen degişli ýerlere ugradylar. Munuň özi türkmen sintetiki benzininiň eksporty üçin ykdysady taýdan amatly ugur bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014