Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gurnalan foruma 160-dan gowrak wekil, pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylar hem-de öňdebaryjy hünärmenleri, 70-den gowrak iri nebitgaz, hyzmat we konsalting kompanibalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, dürli ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

«Berkarar» myhmanhanasynda geçirilen plenar mejlisini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow açdy. Dabara gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Bu babatda Türkmenistanda her ýylyň maý aýynda geçirilýän halkara Gaz kongresiniň ähmiýetiniň uludygyny bellemek isleýärin. Soňky ýyllarda Garaşsyz Watanymyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleri, gazanylýan üstünlikleri belläp geçmek has-da buýsançlydyr. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara Gaz kongresiniň ähmiýeti örän uludyr.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini doly ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edýär – diýip Prezident belledi.

Soňra «Türkmenistanyň gazygaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy» temasy boýunça Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew çykyş etdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny köpugurly esasda ösdürmek we pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Munuň özi diňe bir nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak maksady bilen däl-de, eýsem, tebigy serişdeleri gaýtadan işleýän düzümi gurmak üçin niýetlenendir.

Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol geologiýa-gözleg, burawlamak, gazy çykarmak, daşamak, saklamak ýaly ugurlary, şeýle hem häzirki zaman önümçilik düzümleriniň döredilmegini öz içine alýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatyna esaslanýar. Ol içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, tebigy gazy daşary ýurtlara ugratmak boýunça döwletara ylalaşyklary hem-de şertnamalary doly ýerine ýetirmäge kömek edýär.

Şeýle-de, foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze gaz ýataklary açyldy hem-de “Ýaşlar» we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki döwürde 27 trillion kub metr gaz gory bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Çykyş edenler ýurtlary durnukly ösdürmek maksady bilen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda türkmen Lideriniň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birikdiren hem-de türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny, şol sanda Ýewropa ugruny köpugurly esasda ösdürmek üçin möhüm turba geçiriji düzüme öwrülen “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek, nebit we gazhimiýa boýunça içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarda dürli görnüşli önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Hazar sebitinde iri gazhimiýa toplumyny döredýär. Garabogaz şäherinde tebigy gazy gaýtadan işlemek we karbamid önümçiligi boýunça kärhana ulanmaga berildi. Hazaryň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde gurulýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Onuň ýanynda polipropilen, pes dykyzlygy bolan polietilen we beýleki serişdeler, şeýle hem kaustik soda, duzly kislota we suwuk hlor öndürýän ýene bir toplumyň gurluşygy meýilleşdirildi. Bu iri maýa goýum taslamasyny daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde olardan gelip gowuşýan teklipler halkara bäsleşigiň çäklerinde seredilýär.

Maslahatyň barşynda ýakyn wagtda birnäçe maýa goýum taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigi barada maglumatlar aýdyldy. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we suwuklandyrylan gazy çykarýan gurnamany döwrebaplaşdyrmak bar. Onuň binýadynda ýylda 80 müň tonna kauçuk we 45 müň tonna polistirol öndürýän gazhimiýa toplumy gurlar. Merkezi Garagumda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň ýanyndaky ýatakda her ýylda etany gaýtadan işlemek boýunça we 35 müň tonna önüm öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Şu günki maslahatyň çäklerinde ýurdumyzda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň birnäçesine garalandygyny belläp, oňa gatnaşyjylar olaryň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan diňe bir dünýä energetika bazarynda energiýa göterijileri iri eksport edýän ýurt hökmündäki ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň harytlyk düzümini köpugurly esasda ösdürmegiň hasabyna daşarky bazardaky eýeleýän ornunyň görnüşini üýtgeder we halkara energetika işewürliginiň täze görnüşleriniň ösüşini işjeňleşdirer.

Maslahatyň işiniň birinji gününde halkara guramalaryň we “CNPC”, “Edison Technologies GmbH”, “SINOPEC Engineering (Group) Co. LTD.”, “Haldor Topsoe”, “Allen and Overy”, “Gazyk”, “Honeywell UOP”, “Dragon Oil”, “Exxon-Mobil”, “LG International”, “Hyundai Engineering”, “GE Oil & Gas” ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň uly geljeginiň boljaklygyna we onuň ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iri energetika ýurt hökmündäki ornuna ynam bildirildi.

Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ählumumy bazarynyň ösüşiniň, energetika howpsuzlygynyň we Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna gazy ugradýan möhüm ýurt hökmündäki ornunyň wajyp meselelerine garadylar. Gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda energiýa göterijileriň eksport ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde maýa goýum wezipeleriniň ileri tutulýan ugurlary, gazy ugradýan düzümiň milli we sebitleýin taýdan ösüşiniň meseleleri bar.

Ertir halkara Gaz kongresi öz işini dowam eder.

Meňzeş täzelikler

2014