«Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr» — Mohammed Al-Raisi

Meniň adym Mohammed Al-Raisi. Men «Dragon Oýl» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory.

Bu günki kongress beýleki kompaniýalar üçin bolşy ýaly, biziň üçin hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Galyberse-de, bu tejribe alyşmak üçin örän oňat mümkinçilikdir.

Türkmenistan hyzmatdaşlygy, hususan-da, nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr. Ýurtda maýa goýumlary üçin örän oňaýly şertler döredilipdir.

Biziň kompaniýamyzyň Türkmenistanda geçen 17 ýyl işjeňligimiziň netijesinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit we gaz çykarmak ulgamynda türkmen hünärmenleri bilen bilelikde oňyn tejribe toplanyldy. «Dragon Oýl» «Türkmennebit» döwlet konserni we beýleki döwlet düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Hazar deňziniň kenarýakasynda «Jeýtun» we «Jygalybeg» deňiz nebit känlerinde taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnama laýyklykda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

«Dragon Oýl» kompaniýasy deňiz känlerini işläp taýýarlamak üçin 6 milliarddan gowrak amerikan dollaryny goýdy we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmagyny dowam edýär. Şu ýyl bu görkeziji 150 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Şeýle hem men Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda uly üstünlikler gazanandygyny bellemek isleýärin. «Awaza» mende diýseň ýakymly täsirler galdyrdy. Bu ýer dynç almak üçin örän gowy ýer.

 

Meňzeş täzelikler

2014