Biz Türkmenistanyň TANAP taslamasyna gatnaşmagyna umyt edýäris — Türkiýäniň ilçisi

«Biz Türkmenistanyň TANAP taslamasyna gatnaşmagyna umyt edýäris, çünki hut Türkmenistan sebitde esasy energetik orny eýeleýär». Bu barada Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 23-24-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresine (TGC-2018) gatnaşan, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju aýtdy.

— TANAP taslamasy Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny berkitmekde örän möhümdir. Gaz geçirijiniň geçiriljek ugrundaky ähli döwletler «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) taslamasyna gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan bilen gyzyklanýarlar, diýip diplomat belledi.

— Hemmeler Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň gol çekilmegine garaşýar. Türkmenistandan Hazar deňziniň asty bilen Azerbaýjana gaz geçirijini gurmak we türkmen gazyny TANAP-yň üsti bilen Ýewropa çykarmak mümkinçiligi bu taslamanyň düşewüntliligini artdyrar, diýip ilçi belledi.

Belläp geçsek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin Ýewropa ugry möhüm ähmiýetini saklap galýar. Geçen gaz kongresinde Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy hem ähmiýetini ýitirenok. Şu nukdaýnazardan birnäçe ýyl mundan ozal işe girizilen, ýurduň ähli gaz magistrallaryny bitewi ulgama birleşdiren «Gündogar – Günbatar» gaz geçirijisine türkmen gazyny eksport etmek üçin strategik taýdan möhüm turba geçiriji infrastrukturasy hökmünde kabul etmek bolar.

Ýatlap geçsek, Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan we ÝB «Günorta gaz geçelgesi» turba geçirijiler ulgamyna birikdiriljek Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşýarlar. «GGG» Transadriatik (TANAP) we Transanatoliý (TAP) turba geçirijileri degişlidir.

Häzirki wagtda türkmen gazyny eksport etmegiň esasy ugry Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisidir. Döwletara ylalaşyga laýyklykda bu iri energetika magistralynyň dördünji şahasyny gurmak meýilleşdirilýär, onuň kuwwatlylygyny 65 mlrd kub metre ýeter.

Türkmen «mawy ýangyjyny» eksport etmegiň ýene-de bir möhüm ugry Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisidir.

 

Meňzeş täzelikler

2014