Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresiniň işiniň ikinji güni geçirildi.

Günüň birinji ýarymynda geçirilen mejlisde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler.

Mejlisde ilki bolup «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýew çykyş etdi. «Gazy sarp etmek we paýlamak ulgamynda işewürlik prosesleriniň ösüşi» temasyndan eden çykyşynda ol nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, «Türkmennebit» DK-nyň öňünde ýakyn geljek we uzak möhletleýin meýilnamalar, häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny hödürleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we geljegi hakynda jikme-jik gürrüň berdi.

Şeýle hem D.Hajyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň çykaryjy guýularyň plastlarynyň prizaboý zolaklaryna täsir etmek boýunça tehnologiýalary synag etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma we taýýardygyny bildirýändigini belledi. Mundan başga-da, konsern suw izolýasion abatlaýyş işleri we nebit hem-de gaz guýularynda suwuň süzgüçden galyndylaryny aýyrmak ýaly meselelerde hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Soňra bu forumyň hemaýatkärleriniň biri bolan ýerli «Bir dünýä» kompaniýasynyň direktory Ahmetjan Mowlýanow çykyş etdi. «Suwuklandyrylan uglewodorod gazlaryny, metanoly we beýleki guýma himiýa ýüklerini eksport etmegiň logistikasy» temasy boýunça eden çykyşynda ol kompaniýanyň Türkmenistandaky we onuň daşyndaky işjeňligi dogrusynda gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu kompaniýa ýurdumyzyň gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän zawody gurmakda logistika hyzmatlaryny bermeklige işjeň gatnaşýar.

«EDS Gazpetro Poland» kompaniýasynyň wise-prezidenti Adam Adamowskiniň çykyşy hem gyzykly boldy. Onuň çykyşynda gaz we energetika senagatynda professional inžinering we pekedžing hakynda aýdyldy. Bu ugur nebitgaz senagatynda möhüm temalaryň biridir. Kompaniýa kompressor enjamlarynyň komplektasiýasy boýunça hyzmatlary — seljerme, saýlama, taslamalary işläp düzmek, priwody gaz turbinalary, gaz hereketlendirijileri ýa-da elektrik hereketlendirijiler bolan kompressor desgalaryny satyn almak we komplektasiýa (porşenli we merkezli), montaž we işe girizmek işlerine gözegçilik hyzmatlaryny hödürleýär.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda kompaniýa uglewodorod serişdeli türkmen känlerinde kompressor beketlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama baglanyşmak boýunça başlangyç tapgyrda gepleşikleri geçirýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Şu gün agşam Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresi öz işini tamamlar.

 

Meňzeş täzelikler

2014