Kongress örän ýokary derejede netijeli geçdi – Adam Adamowskiý

Meniň adym Adam Adamowskiý. Men «EDS Gazpetro Poland» kompaniýasynyň wise-prezidenti. Bu gün Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresinde kompaniýa wekilçilik edýärin.

Şu gün halkara forum öz işini tamamlady. Meniň pikirimçe, kongress örän ýokary derejede netijeli geçdi. Özara pikir we tejribe alyşmak üçin örän oňat meýdança öwrülen kongresiň çäklerinde nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeklige aýratyn üns berildi.

Dünýäniň nebit we gaz gözlemek, çykarmak, barlag, hyzmat we logistika bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri öz taslamalaryny hödürlediler. Şol sanda esasy iş ugry gaz we energetika senagaty üçin professional inžiniring we pekedžing bolup durýan biziň kompaniýamyz hem öz taslamasyny hödürledi.

Men kompaniýamyzyň adyndan türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmeklige çuňňur gyzyklanma bildirýärin. Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini amala aşyrmak we daşary ýurt kompaniýalarynyň hereket etmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Häzirki wagtda biziň kompaniýamyz uglewodorod serişdeli türkmen känlerinde kompressor beketlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama baglanyşmak boýunça başlangyç tapgyrda gepleşikleri geçirýär.

Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Men uly kanagatlanma bilen türkmen halkynyň myhmansöýerligini nygtamak isleýärin. Ähli adamlar diýseň mähirli. Örän ajaýyp halk!

Türkmen paýtagty gözelligi bilen meni haýran galdyrdy. Bu hakykatdan hem «Ak şäher». «Awaza» hem mende ýatdan çykmajak ýakymly täsirler galdyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014