Tebigy gazyň YBI-de çagalaryň surat sergisi geçirildi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynda çagalaryň surat sergisi açyldy.

Suratlaryň görkezilişi Tebigy gazyň YBI-niň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan gurnaldy. Sergide edaranyň işgärleriniň surat çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy halaýan çagalarynyň suratlary görkezildi.

Akwarel, guaş, galam, flomaster arkaly döredilen suratlarda çagalaryň öz arzuw-niýetlerini beýan edipdirler.

Bu çäre çagalarda milli medeniýete, taryha we sungata bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň işgärleriniň çagalarynyň Türkmenistanyň döwlet sirkine barmaklary gurnaldy.

Meňzeş täzelikler

2014