Baku “GGG” boýunça türkmen gazyny Ýewropa ibermek meselelerinde Aşgabat bilen hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim edýär

Azerbaýjan “Günorta gaz geçelgesi” boýunça türkmen gazyny ibermek meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar, diýip Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Parwiz Şahbazow belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

“Türkmenistan “GGG” gyzyklanma bildirýär, Azerbaýjan bolsa öz tarapyndan bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny Aşgabada beýan etdi. Bu hili ibermeleri amala aşyrmak üçin bizde tehniki mümkinçilikler hem, syýasy erk hem bar. Şonuň üçin hem eger-de Türkmenistan bu ugurda anyk işleri etmek kararyna gelse, onda bu amala aşyrylyp bilner. Biz hyzmatdaşlyk etmäge taýýar” – diýip P.Şahbazow CBC azerbaýjan kanalynainterwýusynda beýan etdi.

Ol şeýle hem “GGG-niň” ýurtlaryň arasynda gaz ibermek meselesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetlenen “iri gaz infrastrukturadygyny” belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu hili hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde GGG-ni Bolgariýa bilen birleşdirjek gaz geçirijiniň gurluşygy bolar.

“BU ýerde gürrüň Gresiýa-Bolgariýa Interkorrektory (Interconnector Greece- Bulgaria Pipeline, IGB) hakynda barýar. Onuň üsti bilen GGG boýunça Gresiýa iberilýän azerbaýjan gazy bolgar bazaryna hem iberiler. Gaz geçirijiniň gurluşygy iýun aýynda başlanar. Bolgariýa her ýylda 1 mlrd kub metr azerbaýjan gazyny ibermek boýunça eýýäm ylalaşyk gazanyldy. Ýöne IGB has ýokary kuwwatlylyga eýe bolar” diýip P.Şahbazow belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermek üçin niýetlenen GGG taslamasyny işe girizdi.

Taslama 40 mlrd dollardan gowrak möçberde bahalandyrylýar. Azerbaýjan eýýäm bu taslama 9 mlrd-dan gowrak maýa goýdy.

Azerbaýjan gazyny Ýewropa 2020-nji ýylda 10 mlrd kub metr möçberde ibermeklik meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 6 mlrd kub metr azerbaýjan gazy Türkiýäniň günbatar sebitlerine iberiler. Türkiýä ibermeler 2018-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlanar.

Meňzeş täzelikler

2014