Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP gaz geçirijisiniň açylyşyna çagyrdy

2-nji iýunda telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisiniň şu aýda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan ikitaraplaýyn häsiýetde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege düşünişmek, hormat goýmak we iki ýurduň halklarynyň bähbidi esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär – diýip türkmen Lideri belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň özüniň baý uglewodorod serişdelerini ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny belläp, ýurdumyzyň gazyň ägirt uly möçberlerine eýedigini we hereket edýän ugurlar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny doly kanagatlandyrjakdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň energiýa serişdeleri ugradyjy, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we sarp edijiniň bähbitleriniň binýadynda döredilýän gatnaşyklara esaslanýar.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýöredýän energetika diplomatiýasyny makullap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisiniň şu aýda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

TANAP gaz geçirijisi Hazar sebitinden Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna “mawy ýangyç” ibermekligi göz öňüne tutýan “Günorta gaz geçelgesi” taslamasynyň bir bölegidir. Başlangyç tapgyrda azerbaýjan gazyny, geljekde bolsa beýleki ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan gazy eksport etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu meselä diplomatik ýollar arkaly bellenilen tertipde garalar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Türkmenistanda kemala gelýän halkara ähmiýetli logistik ulgam ýurdumyzy Ýewraziýanyň iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrer. Munuň özi Türkmenbaşy şäherinde ýakynda ulanmaga berlen täze Halkara deňiz portuny nazara alanyňda aýratyn ähmiýetlidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany öz kärdeşine şu ýylyň 24-nji iýunynda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň Prezidentligine saýlawlarda üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014