Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Geçen ýekşenbe güni dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň tek­li­bi bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, no­bat­da­ky aw­tou­lag­syz gü­ni hem ge­çi­ril­ýär, mil­li Li­de­riň hut özi wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de köp­çü­lik­le­ýin çä­rä gat­naş­dy, bu çä­re ýur­du­myz­da sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na we umu­man, spor­tuň wa­gyz edil­me­gi­ne nus­ga­lyk go­şant, şeý­le hem tä­ze eko­lo­gi­ýa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne, daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­na jem­gy­ýe­tiň jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ça­gy­ryş bol­dy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Kö­pet­dag şa­ýo­ly bo­ýun­ça 8 müň 500 metr ýo­ly ge­çip, Sag­lyk ýo­lu­nyň gu­tar­ýan ýe­rin­de pel­le­ha­na gel­di. Beý­le­ki we­lo­si­ped­çi­ler bol­sa Aş­ga­ba­dyň kö­çe­le­ri bo­ýun­ça he­re­ke­ti do­wam et­di­ler, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň umu­my uzyn­ly­gy 30 ki­lo­met­re deň bol­dy.

Baýramçylyk mynasybetli Gutlag sözünde Türkmen Li­de­ri­ Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de bo­lup ge­çen 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul eden­di­gi­ni aý­dyp, dün­ýä­niň 56 döw­le­ti­niň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ba­ra­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­nyň aw­tor­da­şy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­ziň ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

We­lo­si­ped spor­ty bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ran hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän spor­tuň has meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň ta­ry­hy 1869-njy ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž we Ru­an şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji iri ýa­ryş­lar­dan baş­lan­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­ sö­zü­ni do­wam et­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ hä­zir­ki dö­wür­de we­lo­si­ped spor­ty di­ňe bir sport ul­ga­myn­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­le­ri aň­lat­man, eý­sem, adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik mak­sat­la­ry­nyň, dost­lu­gyň we raý­daş­ly­gyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny hem ala­mat­lan­dyr­ýar diýip bel­läp, ýur­du­myz­da halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ma­gyň, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry we oňyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, şol san­da sport ba­bat­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Bu ugur­da Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na sport bo­ýun­ça Hal­ka­ra býu­ro­sy, ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra we se­bi­ta­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňeld­ýär.

Şol gün köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan bel­li myh­man­lar gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ara­syn­da Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, üç ge­zek Olim­pi­ýa çem­pio­ny Wýa­çes­law Ýe­ki­mow, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ser­geý Ni­ki­ten­ko we beý­le­ki bel­li tür­gen­ler hem-de we­lo­si­ped spor­tu­ny sö­ýü­ji­ler bar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ola­ra şu çä­rä gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin, şeý­le hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri­ne «We­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça iň köp­çü­lik­le­ýin sa­pak» gü­wä­na­ma­sy­ny gow­şu­ran­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

“Guin­ness World Reсords” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň res­mi we­ki­li Şeý­da Su­ba­şi2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da “Aş­ga­bat” kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy­ny ge­çir­mek­de dün­ýä­niň tä­ze re­kor­dy­nyň goý­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. We­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy bi­len bir ha­tar­da, şä­he­riň ýol gur­şa­wyn­da ula­gyň bu gör­nü­şi­niň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­mek, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy we eko­lo­gi­ýa gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň ge­çi­ri­len bu çä­re­si­ne 3246 adam gat­naş­dy. Hä­zir­ki gü­ne çen­li bu sa­naw we­los­port bo­ýun­ça tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­na gat­na­şan­la­ryň iň köp san­ly­sy­dyr.

Bu mag­lu­mat “Guin­ness World Reсords” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan res­mi taý­dan ha­sa­ba alyn­dy we de­giş­li gü­wä­na­ma bi­len tas­syk­la­nyl­dy hem-de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Şeý­le­lik­de, türk­men paý­tag­ty no­bat­da­ky ge­zek Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip, öz üs­tün­lik­le­ri­ni, şol san­da sport bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­re­je­le­ri­ni do­wam et­di. Bu ha­tar­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň des­ga­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da otur­dy­lan ahal­te­ke be­de­wi­niň çe­per keş­bi we dün­ýä­de iň uly ýa­pyk ýü­züş how­zy bo­lan Suw sport top­lu­my hem şol des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da orun al­dy.

Meňzeş täzelikler

2014