Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $75,43, «WTI» - $65,08

2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 7:57-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,19 göterim ýokarlanyp, 75,43 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,51 göterim gymmatlap, 65,08 amerikan dollaryna barabar boldy.

Düýnki gün aşaklan nebitiň bahalary agşamlyk güýçli aşak düşdi. Maýadarlar ABŞ-da we OPEC+ ýurtlarynda nebit çykarylyşyna gözegçilik etdiler.

4-njy iýunda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,95 göterim pese düşüp, 75,29 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,61 göterim aşaklap, 64,75 amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014