Aşgabatda we Warşawa ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesindäki syýasy geňeşmelerde taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Polşanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Papež ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýyny bellemek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.

Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk esasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi. Olary işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada aýdyp, taraplar türkmen we polýak telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin teklipleri beýan etdiler.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar energetika we ulag pudaklaryna hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014