Türkmenistan we Kuweýt döwletara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmegiň gidişini seljerdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary yýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti bilen hyzmatdaşlygyň aýgytly ugurlaryny bellemegiň çarçuwasynda ýokary derejelerde geçirilen gepleşikleriň  wajyp ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň martynda Kuweýt Döwletine sapary dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň dowamynda gazanylan döwletara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmegiň gidişiniň jikme-jik seljermesini geçirdiler.

Şol sanda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hem-de halkara meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we sebitleýin hem-de halkara guramalaryň çäginde, esasan hem BMG we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän bu guramanyň ýöriteleşdirilen agentliklerinde ikitaraplaýyn mashatlaşmalary dowam etmegiň zerurlygyny bellediler.

Ynsanperwer gatnaşyklary babatda aýdylanda, taraplar medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Öň habar berlişi ýaly, 13-nji martda Kuweýt Döwletine resmi saparyň barşynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Şol sanda - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bulardan başga-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014