Italiýa we Türkmenistan: energetikadan başlap arheologiýa çenli

Esaslandyryjylarynyň biri hem Italiýa bolup durýan Ýewropa Bileleşigi, öňden bolşy ýaly, Türkmenistanyň bitaraplygyny we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen energetikany we infrastrukturalary ösdürmek syýasatyny goldap çykyş edýär. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ungaro Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 72 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda belledi, diýip Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki wagtdaky meseleleri babatda gürrüň bermek bilen, ilçi 2018-nji ýylda Samarkantda we Bakuda geçirilen sebitleýin forumlaryň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ÝB-niň daşary ýurt işleri we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federiki Mogerininiň duşuşandygyny ýatlap geçdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyga häsiýetlendirme bermek bilen, diplomat 2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda ikitaraplaýyn işewürler forumyny geçirmekligiň bellenilendigini habar berdi. Şol foruma Türkmenistan bilen söwda we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän italýan telekeçileriniň wekilleri gatnaşar.

— Häzirki wagtda Türkmenistanda 70-den gowrak italýan kompaniýalary işleýär. Söwda-senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk biziň möhüm aýratynlygymyzdyr. Bu hyzmatdaşlyk biziň gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirýär – diýip italýan ilçisi belledi.

Italiýa türkmen ÝET-niň önümlerini esasy alýan ýurtlaryň biridir, Türkmenistan bolsa, öz gezeginde, Italiýanyň senagat harytlaryny import edýär. Bu harytlar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly zerur bolan maşyngurluşyk we tehnologik düzüm böleklerdir – diýlip habarda bellenilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we Italiýa ynsanperwer gatnaşyklary hem işjeňleşdirýär. Çykyşda bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda - «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek italýan aşhanasynyň hepdeligi bar. Güýzde bolsa Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Ýüpek ýoluny bagyşlanan sergi geçiriler.

Mundan başga-da, ilçi Ungaronyň aýtmagyna görä, taraplaryň arheologiýa ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşygyň möhletini uzaldandygyny nazara alyp, arheologiýa ulgamy boýunça çäre gurnamak meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014