TNGIZT täze önümiň synag tapgyryny çykardy

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümiň — 20 we 25 mikron galyňlykdaky bir gatly ýuka örtgüleriň (BÝPÖ) synag tapgyryny öndürdi.

Indoneziýanyň «P.T. Istana karang Laut» kompaniýasynyň oturdan bios ýöriteleşen polipropilen örtgülerini öndürýän desgasynda täze önümiň eýýäm 90 tonnadan gowragy öndürildi.

Desgada sazlaýyş işlerini tamamlanlaryndan soňra zawodyň işgärleri 1-nji iýuldan başlapdürli görnüşli we maksatly örtgüleri, şol sanda iýmit önümlerini we senagat harytlaryny gaplamak üçin niýetlenen örtgüleri öndürip başlamagy meýilleşdirýärler.

Biosýöriteleşen örtgüler berkligi boýunça polipropilenden has berk bolup, ony şeýle hem sokma senagatynda we bir gezeklik lukmançylyk materiallaryny gaplamakda ulanyp bolar.

Ýylda 21 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen önümçilik ulgamynyň kuwwatlylygy TNGIZT-de öndürilýän polipropilen önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014