“Hazar bäşligi” awgust aýynda geçiriljek sammitde Hazaryň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekmäge taýýarlanýar

Gazagystanda awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Hazar bäşligi” sammitinde Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakydaky Konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar. Bu ugurda häzirki wagtda ýörite işler alnyp barylýar. Bu barada RF-iň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin habar berdi, diýip Interfaks belleýär.

“Häzirki wagtda Hazar bäşliginiň ählisi ýörite iş alyp barýar, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamak boýunça ýörite iş topary döredildi” diýip G.Karasin çarşenbe güni Döwlet Dumasynyň mejlisinde RF bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygy ratifikasiýalaşdyrmaklygyň çäklerinde aýtdy.

Şu ýylyň awgust aýynda – garaşylmagyna görä, Gazagystanda – “Hazar bäşliginiň” sammiti geçiriler. “Biz öz gezegimizde Konwensiýa hut şu sammitde gol çekilmegi üçin öz hyzmatdaşlarymyz bilen muňa düýpli taýýarlyk görýäris” diýip ol deputatlaryň soragyna jogap berdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, bu resminama “köp sanly düşnüksiz, jedelli meseleleri, şol sanda Hazaryň nämedigi hem-de Hazar bäşligi geljekde onuň serişdelerini özleşdirmekde, suw giňişligini paýlaşmakda nähili hereket eder ýaly meseleleri çözer”.

Meňzeş täzelikler

2014