Bahalaryň üýtgemegi türkmen nebit önümleriniň eksportynyň ösmegine getirdi

Aprel hem maý aýlarynda nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň girdejilerini düýpli artdyryp, türkmen nebithimiýa eksportyna oňaýly täsir etdi. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berşi ýaly, 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çig nebitiň ibermeleriniň baha möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse artdy. Şol bir wagtda fiziki möçberiň ösüşi 194,6 göterime deň boldy.

Türkmen nebit koksunyň eksporty 2018-nji ýylyň geçen dört aýynda 90,9 göterim artdy. Nebit önümleriniň beýleki görnüşleriniň eksportynyň jemi ösüşi 14,5 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-25-nji maý aralygynda söwdalaryň barşynda, haçan-da investing.com saýtynyň maglumatlaryna görä, «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 80 dollar rekord derejä galanda Şweýsariýanyň, BAE-niň, Täjigistanyň we Owganystanyň wekilleri Türkmenistanda TNGIZT-de we SNGIZ-de öndürilen 125 müň tonnadan gowrak A-92 kysymly awtobenzin satyn aldylar.

Şu döwürde şeýle hem Şweýsariýanyň işewürleri TNGIZT-den 20 müň tonna tehniki kerosin, BAE-niň hem-de Owganystanyň wekilleri 30 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldylar. Söwda hepdesiniň netijeleri boýunça TDHÇMB-de umumy bahasy 138 million dollarlyk 42 şertnama baglaşyldy.

Ýakynda nebit bazarynda bahalaryň çalt depginlerde ýokarlanmagyndan soňra olaryň garaşylmadyk ýagdaýda aşaklamagyna gözegçilik edildi. Muňa garamazdan, bilermenler, şol sanda Total korporasiýasynyň Patrik Puýanne ýakynda aýlarda nebitiň bahalarynyň 100 dollara çenli gymmatlap biler diýip hasaplaýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014