Türkmenistan we Zambiýa söwda-ykdysady, şol sanda ÝET ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi.

Diplomatyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Zambiýa Respublikasynda hem uly hormata we goldawa mynasyp bolýar. Dünýä jemgyýetçiligi yklymara ulag we energetika geçirijiler ulgamlarynyň gurluşygy boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türkmen döwletiniň goşandyna ýokary baha berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu syýasatda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de iri halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm orun berilýär. Türkmenistanlylaryň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, milletiň Lideriniň başyny başlan iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi.

Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şol ýerde özara gyzyklanma bildirilýän döwletara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen tarapy öndürijilikli we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilmäni belläp, dürli derejelerdäki duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetini belledi.

Syýasy hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistanyň we Zambiýanyň arasynda syýasy gepleşikleri gurnamagyň zerurlygyny bellediler.

Soňra taraplar dürli ulgamlarda özara hereketleriň mümkinçiliklerine garadylar. Işewürler duşuşyklaryny we eksport harytlarynyň sergisini gurnamak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem nebit we gaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalar beýan edildi.

Şeýle hem oba hojalyk ulgamynda, hususan hem pagta önümçiligi boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Meňzeş täzelikler

2014