TANAP-yň açylmagy energetiki bileleşigiň çäklerinde meýilleriň hakykata öwrülýändigini hem-de netijeleriň gazanylýandygyny tassyklaýar - Şefçowiç

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) taslamasynyň bir bölegi bolan Transanatoliý gaz geçirijisiniň resmi açylyş dabarasy bu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar, diýip sişenbe güni Energetiki birleşik boýunça Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trende habar berdi.

«Transanatoliý gaz geçirijisi Günorta Kawkaz hem-de Transadriatik turbageçirijileri bilen bilelikde «günorta gaz geçelgesiniň» aýrylmaz bölegidir. Şonuň üçin hem onuň açylyşy örän möhüm ähmiýetlidir, çünki ol Hazar sebitinden Türkiýä harytlyk esasda gaz ibermeklige mümkinçilik berer. Başgaça aýdylanda, biz meýilleri hakykata öwürýäris hem-de Energetiki bileleşigiň çäklerinde anyk netije gazanýarys» diýip Ýewrokomissiýanyň wise-prezident belledi.

Soňra Şefçowiç Ýewropa energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny we iberijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etjek «Günorta gaz geçelgesiniň» ÝB-niň energetiki howpsuzlygy üçin strategik taýdan möhüm taslamadygyny belledi.

«Biz Hazar sebiti bilen ÝB bazarynyň arasyndaky bu «köprüni» gurmak arkaly utýarys. (Taslamany durmuşa geçirmekde) üstünlik gazanmak biziň ählimize hem wajypdyr. Biziň uzakmöhletleýin maksadymyz — erkin söwda, bäsdeşlige we diwersifisirlenen ibermelere, çeşmelere we ugurlara esaslanýan umumy ýewropa energetika bazaryny döretmekdir. Bu bolsa Energetiki bileleşigiň diňe bir ÝB-niň serhetleri bilen çäklenmeýändigini we güýçli daşarky täsiriniň bardygyny aňladýar» - diýip Şefçowiç aýtdy.

Trendiň belleýşi ýaly, TANAP-yň resmi açylyşy şu gün Eskişehir türk şäherinde geçiriler.

 

Meňzeş täzelikler

2014