ÝET-niň 2018-nji ýylyň 5 aýynyň jemleri jemlenildi

11-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen bäş aýynda edilen işleriň jemine, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslaahaty açmak bilen wise-premýer Myratgeldi Meredow bütin türkmen halkynyň bolşy ýaly, nebitgaz toplumynyň hem her bir işgäriniň Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly täze kitabyny uly buýsanç bilen kabul edendigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanynyň ejesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýän täze kitap her bir işgärde eziz enelere bolan hormat duýgusyny oýardy.

Soňra Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň  başlygy N.Çaryýew hasabat bilen çykyş etdiler.

Toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasynyň 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,2 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasynyň 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 101,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 128,3 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,7 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmekde ösüş depgini 115,1 göterime barabar boldy.

Şeýle hem Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça hem-de Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hem hasabat berildi, gurluşyk işleri bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014