Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz şahasynyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlanar

Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz böleginiň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlar, diýip Gyrgyz Döwlet senagat, energetika we mineral serişdelerinden peýdalanmak komitetiniň başlygy Ulanbek Ryskulow žurnalistlere habar berdi. bu barada Interfaks belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, gaz geçiriji dolulygyna Hytaýyň serişdeleriniň hasabyna gurlar we gurluşygy başlanandan 3 ýyl soň doly taýýar bolar. Ony 2012-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilen. «ylalaşyk gaz geçirijini 35 ýylyň dowamynda peýdalanmaklygy göz öňünde tutýar. Bu möhletiň dowamynda Gyrgyzystan 2,5 mlrd dollar goşmaça salgyt hökmünde alar. Gaz geçirijiniň geçirijilik ukyby 30 mlrd kub metre deň bolar.

Hytaýa çenli magistral gaz geçirijiniň Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý dördünji şahasynyň taslamasyna laýyklykda gyrgyz böleginiň uzynlygy 224 km deň bolup, ol Täjigistan bilen serhetdäki «Garamyk» geçiriji nokadyndan başlanýar we Hytaý bilen serhetdäki «Irkeştam» barlag-geçiriş nokadynda tamamlanýar.

Meňzeş täzelikler

2014