Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $75,63, «WTI» - $66,02

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim aşaklap, 75,63 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,5 göterim arzanlap, 66,02 amerikan dollaryna barabar boldy.

12-nji iýunda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim pese düşüp, 75,88 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim ýokarlanyp, 66,36 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014