ÝB mümkin bolan iberijileriň «GGG» goşulmak meýillerini goldaýar — Şefçowiç

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) goşmaça iberijileriň azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmak babatdaky gyzyklanmalaryny goldaýar, diýip Energetik bileleşik boýunça Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trende aýtdy.

«Biziň pikirimizçe, «Günorta gaz geçelgesiniň» çeşmesi diňe bir «Şah Deňiz» käni bilen çäklenmeýär. Şonuň üçin hem biz Hazar sebitinden, merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Gündogar-Ortaýer deňzi sebitlerinden we Gara deňizden mümkin bolan goşmaça iberijileriň Ýewropa tebigy gazyň ibermeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin «GGG» goşulmak meýillerini goldaýar» diýip Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti aýtdy.

Şu jähtden Şefçowiç ÝB-niň Transhazar turba geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmek ugrunda Azerbaýjan hem-de Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirýändigini belledi.

Wise-prezident Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we ÝB-niň arasynda energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekligi üpjün etmek boýunça 2015-nji ýylyň maýynda gol çekilen Aşgabat Jarnamasynyň esasynda mümkin bolan harytlyk ibermeleriň şertleri barada ÝB-niň gepleşikleri geçirmegini dowam etjekdigini belledi.

2011-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi ÝB-niň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda Transhazar turba geçiriji ulgamy gurmak hakynda hukuk taýdan borçlandyryjy gepleşikleri geçirmeklige mandat kabul etdi. ÝB infrastruktura taslamasyna goldap ilkinji gezek ylalaşyk teklip etdi.

Transhazar turba geçirijisi hakynda ylalaşyk Türkmenistany Azerbaýjan bilen baglanyşdyrýan, öz gezeginde Merkezi Aziýadan ÝB gaz iberjek turba geçiriji infrastruktura bilen baglanyşdyrjak suwasty turba geçirijiniň gurluşygynyň esasyny goýar.

Meňzeş täzelikler

2014