“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gazyň YBI-niň alymlary gazkondensatly çökündileri özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň formulasyny işläp düzdüler

“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gazyň YBI-niň ylmy işgäri, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Rejep Kakabaýew känleriň işläp taýýarlamagyň netijeliligini kesgitlemegiň usulyýetini we uzak wagtlyk uloanyşdaky nebitgazly meýdançalarda ony çykarmagy artdyrmagyň goşmaça mümkinçiliklerini işläp düzdi.

Täze usulyýet Döwletabat känini we Merkezi Garagumuň känlerini seljermekde synag edilip görüldi. Netijede bu usul diňe bir öňden ulanylyp gelinýän gaz meýdançalarynyň ýagdaýyny kesgitlemäge däl, eýsem, känleri işläp taýýarlamagyň uzakmöhletleýin hem-de orta möhletleýin strategiýasynyň işläp düzmäge hem täsir etdi.

Ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň biri hem ägirt uly tebigy serişdeleriň gorlaryndan netijeli we tygşytly peýdalanmak bolup durýar. Känlerin işläp taýýarlaýjylaryň esasy wezipesi — känleriň hemişelik işe ukyplylygyny üpjün etmekdir.

R.Kakabaýew öz işinde känleriň işläp taýýarlamagyň ahyrky netijelerine ýaramaz täsir edýän daşarky we içerki faktorlary görkezýär hem-de gaz kondensatly gorlardan netijeli peýdalanmagyň usullaryny hödürleýär.

Hereket edýän känleriň netijeliligine täsir edýän obýektiw sebäpleriň biri hem dünýä ykdysady çökgünligidir. Alym tehniki-ykdysady hasaplamalary geçirmek arkaly bu faktoryň gazyň umumy çykarylyş depginine däl, eýsem, aýry känleriň ulanyşynyň dürli döwürlerine täsir ediş derejesini seljerýär.

Täze usulyýet hünärmenlere bazar şertleriniň gazyň umumy çykarylyşy bilen deňeşdirip kesgitli gaz kondensatly gorlara täsirini anyklamaga, çuň seljermeleri geçirmäge we onuň esasynda zerur çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer.

Alymyň pikirine görä, aşaklama döwründe hereket edip gelýän känleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin marketing barlaglaryny geçirmeli, islegi seljermeli, zerur bolan maglumatlary toplamaly hem-de onyn geçen ýyllaryň görkezijileri bilen deňeşdirmeli. Bu usul halkara bazarlaryna önümiň bir özüniň girdejililigini, eksport möçberini, bahalaryň derejesini, şeýle hem öndürmek we satmak boýunça umumy işleri nazara alýan formula bilen çykmagyň netijeliligini çaklamaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014