G20 gaýtadan dikeldilýän energetika geçmekde gazyň möhüm orny dogrusynda beýan etdi

Tebigy gaz atmosfera zyňylýan zyýanly zyňyndylary azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetika geçmek prosesinde möhüm orun eýelär. Bu barada G20-niň energetika ministrleriniň Argentinada geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça komýunikde aýdylýar.

«Biz «Uly ýigrimiligiň» köp ýurtlaryna energiýa ibermekde tebigy gazyň möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýarys hem-de ýakyn on ýylda ony ulanmaklygyň düýpli giňeldilmeginiň geljeginiň bardygyny belleýäris. Bu has pes derejeli zyýanly zyňyndyly energiýa geçirijilerine geçmäge mümkinçilik berer» diýlip komýunikde aýdylýar.

«Biz gaz bazarynyň — ibermeleriň zynjyrynyň strategik usullaryna esaslanýan bazaryň hereket etmegini, geçirijiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny gowulandyrmaklyga ugrukýarys. Bu öz içine suwuklandyrylan tebigy gazy we ony global derejede saklamak üçin terminallaryň gurluşygyny alýar. Biz tebigy gazy has netijeli we tygşytly peýdalanmak boýunça degişli halkara guramalary bilen gepleşikleri giňeltmäge çagyrýarys» - diýip «Praým» agentligi resminamada getirýär.

Meňzeş täzelikler

2014