Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $72,61, «WTI» - $63,77

2018-nji ýylyň 18-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 8:05-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,13 göterim aşaklap, 72,61 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,98 göterim aşaklap, 63,77 amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça «Brentiň» bahasy 4 göterim, «WTI-niň» bahasy 2,7 göterim aşak düşdi.

Russiýa we Saud Arabystany 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde nebitiň çykarylyşyny günde 1,5 mln barrel artdyrmagy teklip edýärler. Bu çäräniň üçünji çärýekde geçirilmeginiň teklip edilmegi ýagdaýlara sentýabrda garamak hem-de soňky hereketler boýunça çözgüt kabul etmek üçin teklip edilýär.

22-nji iýunda Wenada OPEC-iň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şenbe güni OPEC+ çygrynda gepleşikler geçiriler.

Meňzeş täzelikler

2014