Tebigy gazyň YBI-de ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň mejlisler zalynda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynda ylmy ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Tebigy gazyň YBI-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň alymlary we ýaş hünärmenler çykyş etdiler. Çykyşlarda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem çykyş edenler ylmy ýolbaşçylarynyň ýolbaşçylygynda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri dogrusynda gürrüň berdiler. Hususan-da, çykyşlarda nebitgaz känlerini gözlemegiň mümkinçilikleri, antiklinal we antiklinal däl nebitgaz känleriniň morfologik tipizasiýasy, buraw erginleriniň işlenilmeginiň usullary we ş.m. dogrusynda gürrüň edildi. Çykyşlaryň birinde «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmeklige aýratyn üns berildi, hususan-da, buraw işlerini mundan beýläk hem ösdürmegiň teklipleri öňe sürüldi.

Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň YBI-niň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda sergi gurnaldy. Onda talyplaryň hem-de weteranlaryň çeperçilik sungat eserleri görkezildi.

Meňzeş täzelikler

2014