Nebitiň dünýä bazary deňagramlylyga ýakynlaşýar – OPEC-iň prezidenti

Dünýäniň nebit bazary deňagramlylyga barha ýakynlaşýar, bu barada duşenbe güni OPEC-iň prezidenti, BAE-niň energetika we senagat ministri Suheýl al-Mazrui beýan etdi, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu mesele OPEC-iň 22-nji iýunda Wenada geçirjek nobatdaky duşuşygynyň merkezi meselesi bolar. Bu sözleri emiratlaryň WAM habarlar agentligi getirýär.

«Ätiýaçlyk gorlaryň möçberi 2017-nji ýylyň başyndan bäri düýpli pese düşdi we bazar deňagramlylygyna barha ýakynlaşdy» diýip ministr aýtdy.

Şol bir wagtda hem ol guramanyň «dünýäniň nebit bazarynda mümkin bolan defisit (ýetmezçilik) babatda käbir import ediji hem-de sarp ediji döwletler tarapyndan aýdylan howatyrlanmalary nazara almaly boljakdygyny» aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014