Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti deslapdan 12-nji awgusta bellenilen

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti 12-nji awgustda Aktauda (Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň dolandyryş merkezi, Hazar deňziniň kenary). Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, Aktauda geçiriljek sammitiň dowamynda Hazar deňziniň hukuk deejesi hakynda Konwensiýa gol çekiler. Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri bu resminamanyň üstünde 20 ýyldan gowrak wagt işlediler. RF-iň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary Grigoriý Karasiniň aýtmagyna görä, Konwensiýa «ýüze çykan ähli meseleleri çözüp bilmez, ýöne ol Hazarýaka döwletleriniň arasynda ylalaşyklary gazanmak üçin zerur bolan çarçuwalary döredip berer». Resminama gol çekilmegi, hususan-da, nebit we gaz ýataklarynyň degişlilik, deňziň asty boýunça turba geçirijini gurmak ýaly meseleleri çözmekligi ýeňilleşdirer.

Belläp geçsek, 12-nji awgust Hazar sammitiniň geçirilmegi üçin iň amatly senedir. Şol gün Hazar sebitiniň ähli döwletlerinde Hazar güni bellenilip geçirilýär. Bu baýramçylyk Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň  - Tähran konwensiýasynyň güýje girmegine bagyşlanyldy. Bu Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça ilkinji resminamadyr. Konwensiýa BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ýardam bermeginde işlenip düzülip, 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hökümetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda gol çekildi. 2003-nji ýylyň 8-nji noýabrynda oňa Türkmenistan goşuldy.

Konwensiýanyň ratifikasiýalkaşdyrylmagy üçin ähli döwletlere üç ýyla golaý wagt gerek boldy. ol 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Tähran konwensiýasy Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak işinde Hazarýaka döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmäge we onuň serişdelerini bu döwletleriniň ählisiniň milli bähbitlerine laýyklykda peýdalanmaklyga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa 12-nji awgustda gol çekiler. Bu sene hazarýaka döwletleriniň Hazar sebitiniň durnukly ösmegi boýunça iki sany has möhüm meseläniň çözgüdini tapan senesi hökmünde ýatda galar.

 

Meňzeş täzelikler

2014