ÝHHG Türkmenistanyň žurnalistleri üçin okuw seminaryny geçirýär

19-22-nji iýunda Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň Aşgsbatdaky merkeziniň gurnamagynda “Ýaş habarçynyň tomusky mekdebi “ atly okuw seminary geçirilýär. Okuw sapagyna ýurduň dürli sebitlerinden metbugat hem-de elektron, teleradio habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň mugallymlaryndan 30-dan gowrak wekil gatnaşýar.

Okuw sapagynyň maksatnamasyna amaly sapaklar girizildi. Olaryň dowamynda gatnaşyjylar žurnalistik etika degişli okuw mysallary maslahatlaşdylar, interwýu gurnamakda we multimedia reportažynyň ssenariýesini ýazmakda türgenleşdiler.

Dört günlük okuw sapagynyň dowamynda žurnalistler multimedianyň ösmegi netijesinde media gurşawdaky üýtgeşmeler, şeýle-de häzirki zaman maglumatlar jemguýetinde žurnalistleriň orny dogrusynda pikir alyşdylar.

Şweýsariýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenleri žurnalistik reportažlaryň bölümlerini, gurluşyny we wezipelerini jikme jik beýan etdiler. Multimedia habarlar materialyny taýýarlamagyň we maglumatlaryň dürli ugurlarda ýaýradylyş aýratynlyklaryna üns çekdiler.

Okuw sapaklaryny Şweýsariýadan Aleksandr Ştark hem-de Ukrainadan Ýewgen Glibowiskiý alyp barýar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi kabul edýän ýurduň HBS ulgamyny ösdürmeklige ýardam etmegiň çäklerinde gurnaldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014